May 11, 2022

BIZIÑ HEMMÄMIZ ÖLÝÄRIS!

Biziñ hemmämiz òlýäris. Dogulmak hem-de ölmek çarhy pelegi ( Filosofiki Surat, Ruhy Janyñ maddy tene nähili eýe boluşy we ony nädip terk edişi.)

Başgalar hakda ha bilemok, ýöne hakykatdanam meni ÝAŞAMAK höweslendirýär. Manyly, aňly we doly ýaşamak. Arzuwyňy amal etmek! Shu wagt. Edil şu ýerde. Durmuş bize söýgi, ösüş, kämillik we ÖZ DURMUŞYMYZDAKY täsin tejribeleri almak üçin berilýär. Ölümden gorkmak-ýaşamakdan gorkmakdyr. Özüňiziň ölmüñizmi ýa-da ýakynlaryňyzyň ölümi-mi, möhüm däl. Eýsem, ýaşamakdan, söýmekden, hereket etmekden, töwekgelçilik etmekden hakykatdanam gorkýan adam, ölmekden gorkýar we ýakynlary bilen hakyky gatnaşyk gurmakdan gorkýar.

Biziñ hemmämiz Ölümden gorkýarys, sebäbi durmuşyň eýýäm birnäçe pursatlary ýitirilen, we islän, hem-de başaryp biläýjek zatlarymyzy, elimizden geläýjek zatlary etmändigimizi özümiziň öñümizde boýun almakdan we ýüzbe-ýüz bolmakdan gorkýarys. Durmuşymyñ söýgüsini saýlamaga het edip bilmedigimize, arzuwlarymyzy hasyl etmek üçin tagalla etmedigimize, bagyşlamadygymyza, söýginiñ we şatlygyñ öýke-kinäniñ astynda ýaşap, özümizden we isleglerimizden utandyk. başgalaryny ýazgaryp we başgalaryň isleglerini kanagatlandyrmaga synanyşdyk, ýagny il näme diýer?! diýen gorky astynda, ruhy çökgün hem-de züwwetdin bolupdyrys we hakykata laýyk ýaşamakdanam gorkýan hala gelipdiris. Şonuň üçin ölüm hakda gürlemekdenem gorkýarys. we biz Çagalary hem bu temadan seresaplylyk bilen goraýarys. Nesiller bolsa özlerini ölmez-ýitmez hökmünde duýup, kemala gelýàrler. Eýsem ölüm biz bilen hemişe ýanymyzda, her günümizde ahyryn. Durmuşa gymmatlyk berýän eýsem diñe ölüm ahyryn. Her gün millionlarça adam we haýwan ölýär.Ukymyzda we oýananymyzda, täze zatlar öwrenenimizde, agyryly tejribeleri başdan geçirenimizde, öýjüklerimiz hemişe täzelenýär we prossesde Özümiz her gün ölýäris we täzeden dogulýarys.

Taýýarlan: Kakadurdy Rahym

@bilyanizmi