July 17, 2025

Aprel aýy - näme üýtgedi? | Söwda ukusy | Formula.


~ Bir az gijiräk ýazýandyryn, giç hem bolsa hökmany ýazmaly. Näçe adamdyr eýýäm ejizledi, näçe adamdyr eýýäm ynamy ýitdi, men şu ýerden hiçzat gazanyp bilmedim diýýänleriň sany gün geçdigiçe köpelýä.

~ Ýeri, bilime aç bolan, içinde söwda genasy gaýnaýan, gözleri ýanyp duran şu makalany okaýanlaryň sany näçe galdy ?


~ Anyk aýdyp biljegim, sanyňyz sanalgy. Meniň kellämdäki programmalardan emele gelen pikirleri we ýazylanlary, gözlerini atlandyň gözi dek ylgadyp her bir okajak, özine ynam bilen aýdyp biler, OL - bazara bolan gyzyklanmasy, onuň manysy, gowşak gözlerden gizlenen strukturasy, risklaryň ösmesi, kapitalyň dolandyrmasy gyzykly bolan seýrek duş gelýänleriň BIRI.

✍🏼Siz, okujy, häzir ýazylanlary okaýan - bazarda hakyky pul getirýän - öziňizi ösdürmegiň dyrjaşmasy, göz ýitimiňiziň giňelmegi, giňişleýin psihalogiýany ösdürmegiň hakyky gyzyklanmasy bilen açgözsiňiz.

✍🏼Siz, ýalan (фальшиво) gyzyklanma bildirýän, öziniň bähbidini bilip maddy peýda gözleýän, hyrsyzlyk bilen diňe özini aldaýan açgöz dälsiňiz.


~ Eger siz şuny açan bolsaňyz, onda siz bazara bolan ýalan yhlassyz gyzyklanmagyň, öz-öziňi aldamaklygyň, diňe öziniň isleglerini, maksatlarny etmegiň, ukysyndan çykmagyň göni ýolunyň soňkysyndasyňyz. A oýanmak bolsa, size gaýgylanmadan, şübhelenmeden, isleglerden tükeniksiz erkinlik berer we sizi, size bereketdir, rysklary getirjek zähmetiňize bolan yhlasly söýgüden doly bolan dünýä getirer.

~ Eger allegoriki sözler sizi makalany ýapmaga mejbur etmedik bolsa, gözleriňiz entuziazmdan doly bolup, geljekde gürrüňleri has gowy düşünmeklige siziň entuziazmyňyz katalizator bolar.

~ MAZMUN ~


1• GIRIŞ.

2• FORMULA: TradingView-da işlemegiň formulanyň ýazylşy.

3• SÖWDA: Üç aý bundan ozal bolan zadyň, manysy.

4• APREL: Näme üçin ýapon barlaryň içinde bolan uky, bazaryň hakykatyny görmäne bermeýä ?

5• NE/TIJE/EN

~ GIRIŞ ~

~ Öňki cycle-lara görä siz näçe analizlar etdiňiz ? ~ Siz öňki trendlara esaslanyp, bahalaryň galýan wagtlaryny näçe gezek anykljak bolduňyz ?

~ Siz näçe gezek ssenariýa ynanyp daş bolup otyrdyňyz, a ssenariýa realizatsiýa etmedik ýagdaýynda näçe gezek ejizlediňiz ?


📎Bilýäňizmi, häzir panikada, depressiýada, ejizlän, analizlary bazaryň hakykatyny ýeňip bilmän guranlary näme birleşdirýä ?

📎Hemmäni, açylan pozitsiýalara görä, umyt gibridynda düzülen, häzirki bölek durmuşynda bolan bilimlere görä düzülen özleriniň ssenariýasy birleşdirýä.

📎A bilýäňizmi, beýle seredişde bazar hiç-haçan pul bermeýä ?

📎Bazar, onuň hereketini, onuň saglygyny we seredişini sylaýanlary gowy görýä. A bazara öziniň şertini goýýanlary, oňa ssenariýalarynyň işlemekligi üçin belli bir möhlet berýänleri ýirginýä (!!!)

📎Herkimiň esasy ýalňyşlygy - bazaryň saglyk prizmasy boýunça dälde, bazara öziniň prizmasy boýunça seretmek we duýmak.

✍🏼Siz, öz pikiriňizi we seredişiňizi bazaryň boýnuna goýjak bolýaňyz.

A wajyp zat, bazara näme bolýandygny, onuň saglygynyň ýagdaýyny, bazaryň öz prizmasy boýunça seretmäni öwrenmeli.


📎Siz näçe köp ýitirdiňiz, siz erbet keýpe (настроение) näçe köp wagtyňyzy sarp etdiňiz, siz hemme zady yzyna aljak bolup näçe depositlar öldürdüňiz. A onuň sebäbi bir - siz bazary öz prizmaňyz uly islegler, ýeterliksiz bilim arkaly düşünjek bolduňyz, şol wagtyň özinde-de bazar size öziniň ýagdaýyny haýsy çeşmeden gelýändigni görkezmäne hemişe taýynlykdadyr: Çeşme -> Siz.

✍🏼Köpçüligiň ukusy ýeterliksiz bilimlerden we uly-uly isleglerden gurulan ssenariýa ynanmaklaryndadyr.

Orta we uzak ara söwdanyň dowamynda, lokalno hereketlere üns bermek, paradoksalny ýagdaýy döretýä. Siz pozitsiýalary globalno söwda görä näbirat etýäňiz, ýöne maksatlary bolsa lokalno hereketlerde garaşýaňyz. Netijede bolsa, bu ýagdaý strategiýanyň öz içinde bolan psihalogiçeski, lokalno, gorkylar, gaýgylanmalar, media-dyr, gybatlar arkaly gibrit emele gelip depositleriň ýok bolmasyna sebäp bolýa.


📎Öziňizden gaçmaň, öz-öziňizi aldamaň, şeýle zatlary aýtýanym üçin hem meni ýigrenmäň. Yzyňyza aýlanyň we öz minuslaryňyz, gorkylaryňyz, gaýgylanmalaryňyz bilen ýüzme-ýüz duruň. Olary öz içiňize, ýürekleriňiz iň çuň ýerne ýerleşdiriň we terbiýeläň, ösdürdüň, olary öwreniň, analiz ediň nä-wagtlar gorky döreýä, gaýgylanýa, yzarlaň we olaryň sizden garaşmaýan wagty düýpleýin damarlary bilen ýok ediň.

> Edersiňizmi şu zatlary ? Okamany dowam etýäňmi ? Şeýle bolsa, hakykatdan hem aňlandygyňyza ynanyp, öziňizde bolan samsylyga, başgalara baglylygyňyzy ýirgendirjek, lokalno bazar hereketler ukysynda adamlary iki topara (Bull/Bear) bölüp gulaklarna münýändiklerini göreli >

~ Formula ~

✍🏼Bazaryň hereketini we içki gatlaklaýyn strukturasyny görmek üçin, aşakdäki şu hirurgiçeski instrumendy ullanmak bilen dowam etýäs:

ETHBTC/VIX


1• Biz, garizontalny faktor boýunça, başynda Ethereum durýan altcoin sektor dominatsiýasyny ýagnaýas.

2• Şonuň esasynda men size, 3 aý durmuşuny biderek ýere sowulan, wagtynada we ünsünede degmedik köpçüligiň uklan ýerini görkezeýin.



~SÖWDA~

✍🏼Hemişe dogruçyl, hemişe arassa, hemişe takyk we anyk bolan matematika aşakda size formulanyň görnüşinde görkeziler.


1• Siziň öňüňizde şol matematikanyň formula görnüşinde realizatsiýasy, şunyň bilen hem biz işläris.

2• Biz ýönekeý we düşnükli podderjkadan/ sopratiwlenýa we sopratiwlenýadan/ podderjka hereket etýän garizontal kanal görýäs, ýöne hereketlerini başga formulalara seredeniňde, bu formula hereketlerini gaty seýräk ýöne anyk etýär. Näme üçin ? Sebäbi formula diňe esasy trendowy nakaçkany görkezýä ýa-da köpçüligiň gowy görýän sözi “BULLRUN” görkezýä.

3• Ýöne, ol nädip köpçüligi haýran galdyrjak hakykatyny bize gürrüň berýä ? Nädip ol esasy dno we razwarodyň başlandygny bize gürrüň berýä ?

4• Aşakda, altcoinlaryň başy Ethereum ýerleşdirilen formula grafigyny görip bilýäňiz.

5• Formulanyň podderjka gelmesi, esasy nakaçkadan öň iň soňky minimumy bolýa. Köpçüligiň kanallardan, illeriň pikirlerinden, blogerlaryň kommentarýalaryndan we täzeliklerden, mikroskop söwda ukysy bilen gözleýän minimumlaryň minimumy siziň öňüňizde.

6• Eger wagtyňyzy we durmuşyňyzy, ünsiňizi biderek ýerlere harçlandygyňyzy düşünje duygusy yza çekilip, kelläňiz arassalanan bolsa. Dowam edeli, grafikda gök reňk bilen bellenen fragmentlar arkaly görkezjek zatlarym bar.

7• Grafigyň sopratiwlenýa ýakyn hereket etmesinde, biz hakyky ATH we ondan ýokara boljak hereketi edip bilmedik. Başga formulalar boýunça bolsa biz altsezonlarda bolýan wolatilnostlardan pribyl alyp bilýädik, ýöne globalno biz ATH ýokara çykyp bilmedik.

8• Aprelda biz podderjka geldik, bu ýagdaý Ethereum üçin minimumlar däl, bu ýagdaý 2020 martyndäki ýaly titrediji wynoslary görkezmedi, ýöne bize razwarotdan öňki minimumlary görkezdi. Ýöne näme üçin, esasy razwarotdan öň minimumy goýup, “COVID-titretme” - däki ýaly ýagdaýlar bolman, biz podderjka geldik ?

9• Şu hem, siziň görmeýän söwda ukyňyz. Siz titrediji şort-skwiz ýagdaýlary gözleýäňiz, siz imenno şol toçna razwarot zonany gözleýäňiz, siz MarketMeýkeryň hereketini gözleýäňiz, a bazar bolsa ony gurnaýan içki proporsiýalar boýunça hereket etýä, ol proporsiýalary hem formulalarda görsek bolýa.

10• Köpçüligiň garaşan titretmesi, şort-skwiz (вынос), aslynda, altcoin sektorynyň we Bitcoin, sowuk (перепроданность) ýagdaýy 2022-nji ýylda bazaryň razwarot ýagdaýynda däl, 2024-nji ýylda minimumdan minimuma giden wagtynda däl, a imenno şu ýylyň aprelynda bazar sowuk (перепроданность) ýagdaýyny goýdy. Ýönekeý dilde aýdanyňda, hemmeleriň gözleýän minimumlary goýuldy.

✍🏼Siz, ýyllap gözleýän zadyňyzy gördiňiz. Gözlemekler, pal atmalar, ýalňyşlyklar - bu zatlaryň hiç-haýsysy ýok we bolup hem bilmeýä, sebäbi siz bazaryň hakykatyny öz pikir prizmaňyzdan gözleýäňiz, a bazaryň hakykaty bolsa onuň özini duýşunda, başga baglanşyklar arkaly bazaryň saglygyny duýmakda. Kelläňiz açylýamy ? Söwda ukysyndan doly çykmak üçin soňky hereketi ediliň.

~ APREL ~

✍🏼Bu aý, söwda ukysynda bolanlar üçin cycle-yň üýtgän aýy, bu aý taryh aýy. Bu aýy, söwda ukysynda bolanlar, bazara öz prizmasy, öz pikirlenşi boýunça düşünjek bolup ýyllaryň geçmeginde özleriniň analizlarynda esas hökmünde ullanyljak aý. A bazara düşünjek bolmak gerekdäl, ony diňlemek gerek.


📎Formulalary şu ýylyň gyşynda görkezip başladym, asyl diňe formula däl, köp zatlary görkezdim. Ýapyk çatda bolanlar bilýändir (Häzir ol çat ýok).

📎Bahalar 10-20% aşak gider weli, şol badyň özinde-de formulalar "dno" görkezýä weli, ýöne adamlar lokalno ukyda, şol formulalar özinde barlygyny ýatdan çykarýalar.

📎Ünsüňi, konsentratsiýaňy, emotsiýalaryňy satmak şeýle bir deşiklere eltýä, bazaryň bereketini, formulalara girizilen içki prosesslaryny bilip, adamlar bazaryň jemi ýagdaýyny bilmeýäler, dowamyň nähili boljagyna seretmeýäler, ýöne -5% +6% hereketi hökman görýäler, şol wagtyň özinde-de çatlara öziniň gamgussasyny, gaýgylanmasyny getirip, öziniň içki gorkularyna boýun egip, başgalara hem negatiw energiýasyny berip, özi ýaly adamlary gözläp bazar ýene düşýä, galman geçen, ýalak sözler bilen öziniň içki dünýäsini beýan etmek bilen bolýa. A aslynda bolsa bazar hiç ýere gidenak.

📎Bu epopeýada, adamlar bazaryň saglygy barada, absalýutno düşnükli we arassa logiçeski bilimleri alandyklaryny, lokalno gyzyklanmalar, gorkylary, depressiýalary bilen bilimleriniň üstüni gara örtük bilen ýapýalar. Netijede bolsa, olar, formuladyr, tranzaksiýalar, fazalaryň işlemeýändigne ynanmaklyga olaryň gorkusy, depressiýasy (IBLIS) mejbur etýä.

✍🏼Men hemmäniň islän ýerinden başladym we men hemmäniň garaşmakdan ýadan ýerinden başlaýan.

Ýöne, 15% hereket (wolotilnost) ol hem ünsini satmak bilen gibritlaşyp şeýle bir hereket etýä, nämäniň näme üçin bolandygny bilip hem, hemmeler MarketMeýkeryň bazara görkezen zadyny görerýäler.

Siz eliňize, arzuw eden zadyňyzy aldyňyz.

Ýöne, siz göziňizi şeýle bir ýapdyňyz weli, eliňizde duran zady görip bileňizok.

Açyň göziňizi, gorkmaň, ulydan dem alyň, düşüniň, rahatlanyň we görersiňiz bazar siziň rahatlygyňyza we sabryňyza nähili minnetdarlyk bildirýändigni.


🗣️Bu makala däl, psihalogiýa bilen matematikanyň çaknyşan uly bir belentligi boldy, hersine aýratyn seredeniňde çolaşyp boljak, ýöne sapaklarny birleşdirip köp zatlara aň ýetirip boljak, düşünip boljak BIRLIK pikirleniş akymly bir massa boldy. Şol massany realizowat etmegiň ýolunda, makalany kiçiräk netije bilen tamamlaly.


~ NE/TIJE/EN ~


✍🏼Psihalogiki giriş bilen başlanan bölüm, şu ýerde tamamlansa ýerlikli bolar, şeýle dälmi ? Köp zady aýdyp bolar, gaýtalap ýazyp bolar, gürrüň köpdir, ýöne hemme zadyň üýtgemesi üçin bir gezek düşünmek ýeterlikdir. Pikirlen bu barada.


📎Men treýderyň kitaphanasy 2-nji bölümi ýapýan, tamamlaýan. Ýöne, bolýan zatlara we hemişe bolup gelýän zatlara adamlaryň gözini açmakda dyrjaşmamy tamamlamaýan.


📎Bazar - gudratdyr. Pikirlenşiň gudraty, matematikanyň gudraty, logikanyň gudraty. Bazar ähli matematiçeski ulgamlarda bolşy ýaly aldaýan hausdyr, ýalan hausdyr. Bilimsizligiň ýetmezçiliginde we pikirlenşiň giňliginde ol haus hakykat ýaly görinýändir.


📎Siz bazara öz garaýşyňyz we öz düşünjäňiz boýunça dälde, ol sistemadan çykyp, bazara onuň sagdynlygy boýunça seredip başlanyňyzda we onuň saglyk ýagdaýyna düşünip başlanyňyzda, şol sagdynlyk esasynda hem öz söwda strategiýaňyzy düzüp başlanyňyzda, şonda siz bu ýeri TREÝDING gowy görersiňiz. Bazar siz üçin iň uly maddy söýgä öwrüler.


Ryskyňyz we bereketiňiz artsyn. Janyňyz sag bolsun. 🤝